Top.Mail.Ru

1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:3201.07.2024
0
9986

Ýyldyza Türkmenistanyň Arkadag şäheriniň ady dakyldy, Türkmenistan COP-29-a gatnaşmak üçin toplumlaýyn taýýarlyk görýär, BMG-niň Baş sekretary sapar bilen Türkmenistana geler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl boldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler geçirildi. Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen ýaşaýjylar jaý toýuny tutdular.
https://turkmenportal.com/blog/79831/gorod-arkadag-torzhestvenno-otmetil-pervuyu-godovshchinu-so-dnya-svoego-otkrytiya
Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan guwanjyň we buýsanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýdular. Asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänama, şeýle-de teleskop we ýyldyzyň düşürilen suratlaryy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşuryldy.

2. 29-njy iýunda agşam «Arkadag Binasy» meýdançasynda baýramçylyk konserti geçirildi, oňa meşhur türk aýdymçylary Mustafa Sandal we Mustafa Jejeli hem gatnaşdy. Tomaşaçylar türk sungat ussatlarynyň çykyşyny uly şowhun bilen garşyladylar.

3. Türkmenistan 11 — 22-nji noýabr aralygynda Baku şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyna (COP29) gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Ýurtda Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara komissiýanyň çäginde döredilen iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu mejlisiň netijeleri boýunça Türkmenistanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze taslamalar işlenilip taýýarlanar.

4. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapary başlandy. Saparyň ugurlary Özbegistany, Gyrgyzystany, Gazagystany, Täjigistany we Türkmenistany öz içine alýar. Sapar 7-nji iýula çenli dowam eder. BMG-nyň Baş sekretary 4-nji iýulda Astanada geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem gatnaşar.

5. Mekge we Medina şäherlerinde haj parzyny berjaý eden zyýaratçylaryň ilkinji topary Türkmenistana gaýdyp geldi. Yslam dünýäsiniň merkezi bolan Mekge şäherinde zyýaratçylar musulmanlaryň esasy mukaddesligi bolan Käbäniň daşyndan aýlandylar. Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, şeýle hem beýleki mukaddes ýerlere baryp gördüler. Zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna alyp gitmek we yzyna getirmek üçin ýörite uçuşlar «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hasabyna guraldy.

Dünýäde

6. Sönen wulkan we Günorta Koreýanyň iň beýik nokady bolan Hallasan zyýansyz ýaly görünýän bir zat – tiz taýýarlanýan aşyň çorbasy tarapyndan ýok edilmek howpy astyndadyr. Çeju adasynda ýerleşýän Hallasan 1966-njy ýyldan bäri milli seýilgähdir. Şeýle-de bolsa, soňky döwürde syýahatçylaryň arasynda tiz taýýarlanýan aşyň meşhurlygynyň artmagy bu tebigy gymmatlyklara howp salýar. Mesele syýahatçylaryň ýere ýa-da derýalara ulanylmadyk çorbany dökmegidir. Köp mukdarda duzy öz içine alýan çorba topragy we suw çeşmelerini zäherleýär, mör-möjekleri öldürýär we ekoulgamyň gowşak deňagramlylygyny bozýar.

7. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda adaty bolmadyk kazyýet işi tamamlandy: Long-Aýlendiň 68 ýaşly ýaşaýjysy awtoulagyň gapysyndan alan şikesi üçin «BMW-den» 1,9 million dollar utdy. Bu waka 2016-njy ýylda programmist Godwin Boateng bilen bolup geçdi. Ol ýumşak ýapylýan gapy ulgamy bilen enjamlaşdyrylan «BMW X5-e» eýelik edýärdi. Wakanyň netijesinde bu adam, başam barmagynyň bir bölegini ýitirdi, lukmanlaryň gelen netijesine görä, ony dikeldip bolmaýar. Kazyýet işiniň dowamynda «BMW-niň» şeýle hadysalaryň hakyky derejesini gizländigi anyklandy. Kompaniýa bu wakalaryň örän az bolandygyny aýtdy, ýöne geçirilen derňewde ýumşak ýapylyş funksiýasy bilen baglanyşykly dünýäde azyndan 44 şuňa meňzeş şikes ýüze çykaryldy.

Sport habarlary

8. «Nawbahor» ýaşlar klubynyň futbolçysy Zulfakar Ali Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli milli ýygyndysyna çakylyk aldy. Zulfakar Ali 2024-nji ýylyň gyşynda Özbegistanyň «Nawbahor» toparynyň düzümine goşuldy. Geçen möwsümde futbolçy Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň ikinji düzüminde çykyş edýärdi. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşar. Ýaryş 5 – 12-nji iýul aralygynda Jelal-Abadda geçiriler.

9. Germaniýada geçýän futbol boýunça Ýewro – 2024 çempionatynyň 1/8 finalyň ilkinji oýunlary tamamlandy. Ýekşenbe güni Ispaniýa Gruziýanyň toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Angliýa Slowakiýadan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Bir gün öň Germaniýanyň milli ýygyndysy Daniýany 2:0 hasabynda ýeňdi we Şweýsariýa garaşylmadyk ýagdaýda Italiýany 2:0 hasabynda ýeňip, ýaryşdan çykardy. Çärýek finalda Angliýa Şweýsariýa bilen 6-njy iýulda, Ispaniýa bolsa 5-nji iýulda Germaniýa bilen oýnar.

10. Çärýek finalda Angliýa Şweýsariýa bilen 6-njy iýulda, Ispaniýa bolsa 5-nji iýulda Germaniýa bilen oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň