Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

27-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:2827.06.2024
0
13046

Aşgabatda Mejlisiň deputatlygyna saýlawlarda möhletinden öň ses berişlik başlandy, Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň milli goranmak ministrini kabul etdi, «Türkmenhowaýollary» Aşgabat – Jidda ugry boýunça uçuşlaryň sanyny artdyrar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatda Garaşsyzlyk, Bitaraplyk we Köpetdag okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses berişlik başlandy. Saýlaw kodeksine laýyklykda, raýatlar 7-nji iýuldaky saýlawlara gatnaşyp bilmedik ýagdaýlarynda, saýlaw gününden 10 gün öň ses bermek mümkinçiligine eýedirler. Bu gulluk iş saparyna ýa-da zähmet dynç alşyna gidýän, şeýle hem käbir sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary üç okrugda saýlaw uçastoklarynyň 60-synyň doly taýýar edilendigini habar berdi. Olar zerur enjamlar, maglumat materiallary we resminamalar bilen üpjün edildi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Prezident Rejep Taýyp Ärdogandan mähirli salamyny ýetirdi. Türkiýäniň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň goranmak ministrliginiň ýolbaşçysynyň Aşgabat şäherine iş saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň bu ugurdaky türkmen-türk gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar köpasyrlyk dost-doganlyk däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassykladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalarynyň çäklerinde döwletara dialogy ösdürmäge goşan goşandy aýratyn bellenildi. Söhbetdeşligiň barşynda ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa pudagy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

4. «Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Aşgabat – Jidda ugry boýunça dowamly gatnawlaryň sanyny artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini habar berýär. Bu çözgüt halkara ýolagçy gatnawlaryna barha artýan isleg bilen baglanyşykly kabul edildi we uçuşlaryň geografiýasyny giňeltmäge, şeýle hem üstaşyr ýolagçy gatnawyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Agentligiň resmi saýtynda çap edilen maglumata görä, uçuşlar hepdede iki gezek – çarşenbe we anna günleri amala aşyrylar.

5. 28-nji iýunda Aşgabatda Russiýadan meşhur aýdym-saz topary çykyş eder. Tatarystan Respublikasynyň Döwlet akademiki simfoniki orkestri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert berer. Dirižýor hökmünde orkestriň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory, Russiýanyň halk artisti Aleksandr Sladkowskiý çykyş eder. Çäre sagat 19:00-da başlar.

6. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy tarapyndan Wena şäherinde guralan üçünji ösüş forumyna gatnaşdy. Forumyň çäginde OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň prezidenti bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijesinde 2024 —2029-njy ýyllar aralygynda Türkmenistan Hökümeti bilen OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň arasynda «Ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnama» gol çekildi.

Dünýäde

7. Ýaponiýada ilkinji gezek elektroçemodany süren adama ony sürüjilik şahadatnamasyz sürendigi üçin jerime salyndy. Jenaýatçy Osakada okamaga gelen hytaýly 30 ýaşly talyp gyzdy. Şu ýylyň mart aýynda ol sagatda 13 km tizlik bilen ýanýodada elektroçemodanly hereket etdi, bu şeýle enjam üçin iň ýokary tizlikdir. Polisiýa hytaýly zenany birnäçe aýdan soň saklady. Ol elektroçemodany dolandyrmak üçin sürüjilik şahadatnamasynyň bolmalydygyny bilmeýändigini aýtdy.

8. Amsterdamly Hajer Al-Ali atly 33 ýaşly öýsüz adam wokzalda içinde 2 müň ýewro bolan gapjyk tapdy. Puly almagyň deregine, ol tapyndyny polisiýa alyp bardy. Bu hereket biparh goýulmady. Al-Aliniň dogruçyllygyndan täsirlenen sosial ulgamyň ulanyjylary oňa pul ýygnamak üçin çäre başladylar. Netijede, birnäçe günüň içinde 34 müň ýewro ýygnamak başartdy. Al-Ali ýygnan serişdeleri ýaşaýyş jaýyny kärendesine almak we durmuşyny täzeden gurmak üçin sarp etmegi meýilleşdirýär.

Sport habarlary

9. Daşkentde geçirilen çagalaryň arasynda «Merry Caravan 2024» atly 14-nji halkara çeper gimnastika ýaryşynda türkmen türgenleri 29 medal gazandylar. Bäsleşige 10 ýurtdan wekiller gatnaşdy.

10. Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewro-2024 çempionatynda Gruziýanyň milli ýygyndysy toparçalaýyn tapgyryň soňky oýnunda Portugaliýanyň toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, sensasiýa döretdi. Gruzin topary eýýäm 2-nji minutda Hwiçi Kwarasheliýanyň goly netijesinde hasaby açdy we ikinji ýarymda Žorž Mikautadze penalti urgusyny dürs ýerine ýetirip, toparynyň artykmaçlygyny artdyrdy. Kriştianu Ronaldunyň gatnaşmagyna garamazdan, portugaliýalylar gol salyp bilmediler. «F» toparçanyň parallel oýnunda Türkiýe 2:1 hasabynda Çehiýany ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň