Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Çolpon ata şäherinde geçirilen TDG-niň halkara işewürlik forumyna gatnaşdy

20:5828.06.2024
0
7977

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 27-nji iýulda Çolpon ata şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň Halkara işewürlik forumyna gatnaşdy.

Foruma Türki döwletleriň guramasyna agza we synçy döwletleriň işewürlik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn mehanizmleri işjeňleşdirmek, daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki önümçilikleri ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, türki dilli döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, çäräniň çäginde ýörite meýilnama laýyklykda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň