Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ylym ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy pugtalandyrylar

16:5929.06.2024
0
21846
Ylym ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy pugtalandyrylar
Surat: russia.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti G.Krasnikow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan Ylymlar akademiýasy (TYA) bilen Rusisýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

G.Krasnikow iki ýurduň ylmy institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň bu ugurda özara hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga taýýardygyny nygtady.

Taraplar ozal gol çekilen ikitaraplaýyn şertnamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem nanotehnologiýa, biotehnologiýa, himiýa tehnologiýasy, oba hojalygy, suw hojalygy, ekologiýa we biohowpsuzlyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin «Ýol kartasyny» taýýarlamagyň we oňa gol çekişmegiň maksada laýyk boljakdygy barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň