Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro ― 2024: Gruziýa garaşylmadyk ýagdaý Portugaliýany ýeňip, 1/8 finala çykdy

10:0127.06.2024
0
7509

Şu günler Germaniýada dowam edýän futbol boýunça ýewropanyň çempionatynda Gruziýanyň milli ýygyndysy garaşylmadyk ýagdaýda Portugaliýadan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Bu täsin duşuşyk Gelzenkirhen şäherinde geçirildi.

«F» toparçadaky ugurdaş duşuşykda Türkiýe Çehiýa Respublikasyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, toparçada Portugaliýa bilen Türkiýe 6 utukdan ýygnap, birinji we ikinji ýerleri eýelediler. 4 utukly Gruziýa bolsa iň gowy üçünjileriň arasynda pleý-offda Ispaniýanyň garşydaşy boldy.

1/8 finalda Portugaliýa Sloweniýa bilen, Türkiýe bolsa Awstriýa bilen duşuşar.

Ýewropa çempionaty 18-nji iýunda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň