Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmendemirýollary» agentliginiň ýolbaşçysy azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy

15:5925.06.2024
0
10880

Sişenbe güni «Türkmendemirýollary» agentliginiň ýolbaşçysy Azat Atamyradow bilen «Azerbaýjanyň demir ýollary» ÝGPJ-niň başlygy Rowşan Rustamowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada «Trend» habar berýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda demir ýol pudagynda gatnaşyklary pugtalandyrmak we ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri özünde jemleýän Merkezi Aziýa — Ýewropa — Merkezi Aziýa we Hytaý — Ýewropa — Hytaý ugurlarynda multimodal ýük daşamalaryň mukdary barada giňişleýin pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, «Azerbaýjanyň demir ýollary» ÝGPJ-niň başlygy Rowşan Rustamow Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyklarda «Azerbaýjanyň demir ýollary» ÝGPJ-niň Merkezi geçelgäniň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin durmuşa geçirýän işleri barada jikme-jik maglumat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň