Ýekelikde welosipedli syýahat edýän angliýaly jahankeşde Uolles Aş häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen syýahat edýär. Onuň umumy uzynlygy 10 müň kilometre deň bolan syýahat ugry Türkmenistanyň hem çäginden geçer. Bu barada «nCa» portaly habar berýär.
Uollesiň şu gezeki syýahatynyň esasy maksady Ugandanyň Kampala şäherinde «Kids Club Kamapa» haýyr-sahawat kluby arkaly çagalara niýetlenen täze bilim merkezini gurmak üçin 27 müň funt sterling toplamakdan ybarat.
Uolles häzirki wagtda Täjigistanyň çäginde syýahatyny dowam etdirýär. Şeýle-de onuň welosipedli syýahaty Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň hem-de Hytaýyň çägini öz içine alýar.
Uollesiň aýtmagyna görä, syýahatçylygyň iň kyn görnüşleriniň biri ýekelikde syýahat etmekdir.
«Birnäçe günläp hiç kim bilen gürleşmeýärsiň. Maşgalaňdan we dostlaryňdan uzakda bolmak kyn, ýöne nätanyşlaryň myhmansöýerligi bu kynçylygy ýeňmäge kömek edýär. Adamlar maňa myhman jaý berýärler we hödür-kerem edýärler» diýip, Uolles öz syýahaty barada gürrüň berýär.