Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Türkmenistanyň çägindäki raýatlaryna Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin mümkinçilik dörediler

21:5224.06.2024
0
7501

Ozal habar berşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda, anna güni Eýran Yslam Respublikasynyň 14-nji Prezident saýlawlary geçiriler. Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň «Turkmenportala» habar bermegine görä, Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar, Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýa-da Mary şäherindäki baş konsullygynda bu saýlawa gatnaşyp, öz seslerini berip bilerler.

Mundan başga-da, Lotfabad we Aşgabat terminallarynda eýranly sürüjileriň seslerini hasaba almak üçin hem göçme ses gutysy goýlar. Bu iki terminalda göçme gutynyň ýerleşdirilendigi baradaky maglumat Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň web sahypasy we sosial ulgamlary arkaly habar berler.

Eýranyň Prezident saýlawlary anna güni irden sagat 08:00-da başlar we şol gün agşam sagat 18:00-a çenli dowam eder.

Şahsyýetini tassyklamak üçin ses berijileriň haýsam bolsa bir dokumentiniň milli karty, daşary ýurt pasporty ýa-da pasportynyň ýanynda bolmagy zerurdyr» diýlip, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň «Turkmenportala» beren maglumatynda beýan edilýär.

Ýeri gelende bellesek, Eýranyň Prezidenti Aýatolla Raisiniň dikuçar heläkçiliginde wepat bolmagy sebäpli, Eýranyň möhletinden öň geçiriljek Prezident saýlawlary 6 dalaşgäriň gatnaşmagynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň