Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda lift önümçiligi ýola goýlar

09:0022.06.2024
0
11696
Türkmenistanda lift önümçiligi ýola goýlar
Surat: fcrso.ru

21-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurduň özünde öndürmegi ýola goýmak babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hasabatda ýurtda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň we döwrebap edara-kärhanalaryň has-da artýandygy bilen baglylykda, liftlere zerurlygyň köpelýändigini göz öňünde tutup, olaryň önümçiligini ýola goýmak hem-de bar bolan liftlerde abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan bilelikdäki kärhanany döretmegiň maksadalaýykdygy barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, ministrlik tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde, bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça teklipler alyndy we häzirki wagtda şol teklipleriň tehniki häsiýetnamalaryna seljeriş işleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda dürli görnüşli önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen kärhanalary, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany liftleriň önümçiligini ýola goýmak hem-de degişli abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan ýörite kärhananyň döredilmeginiň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda liftleri öndürýän hem-de olarda abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan bilelikdäki kärhanany döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýer B.Annamämmedowa bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň