Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistana eskportyny 136 göterim artdyrdy

11:4821.06.2024
0
8544

Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksporty geçen ýylyň degişli döwründäkiden 136,2 göterim ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Hasabat döwründe türkmen-özbek söwda dolanyşygy 455,5 million amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 87,1 million amerikan dollary möçberinde ýokarydyr. Şu ýylyň 5 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksporty 407,5 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 299,1 million amerikan dollaryna barabar bolupdy. Şundan görnüşi ýaly, özbek bazaryna türkmen harytlarynyň eksporty 108,4 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Şeýle-de 2024-nji ýylyň 5 aýynda Türkmenistan Özbegistandan umumy bahasy 48 million amerikan dollarlyk harytlary we hyzmatlary import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 21,2 million amerikan dollary möçberinde azdyr.

Umumylykda alnanda, Türkmenistan Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 7-nji, ýurduň importynda bolsa 6-njy orny eýeledi.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 26 milliard 733 million amerikan dollaryna deň bolup, şonuň 10 milliard 856,5 milliony eksportyň, 15 milliard 876,5 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň