Top.Mail.Ru

Türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanynda gurbanlyk sadakasyny berdiler

11:4319.06.2024
0
20723

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylarynyň uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna iberildi. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, keramatly Mekge-Medinä haj zyýaratyny amala aşyrýan türkmen zyýaratçylary döwlet Baştutanynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň beýik işleriniň rowaç bolmagyny, türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň parahat ýaşaýşyny dileg edip, gurbanlyk sadakasyny berdiler.

Ýeri gelende, geçen ýylyň iýunynda Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynda haj däp-dessurlaryny berjaý edip, keramatly Mekge topragynda berlen gurbanlyk sadakasyna gatnaşandygyny bellemek gerek.

Türkmen zyýaratçylary tutuş yslam dünýäsiniň mukaddes ojagynda gurbanlyk sadakasyny bermäge hoşallyk duýgulary bilen gatnaşdylar.

Soňra gurbanlyk sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Hödürlenen tagamlardan dadan zyýaratçylar hajy Arkadagyň başyny başlan giň möçberli işleriniň hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini, halkyň bagtyýarlygyny, ýurduň abadançylygyny dileg etdiler. Şonuň ýaly-da, ýagşy dessurlaryň, tutumly işleriň uly üstünlikler bilen dowam etdirilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin alkyş sözleri aýdyldy.

Tagam dadylandan soňra, aýat-töwir okalyp, asylly işleriň amala aşyrylýan, ýagşy dilegleriň kabul bolýan aýynda beýik işleriň mundan beýläk-de dowamat-dowam bolmagy, döwletli tutumlaryň rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň