Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň güni bilen gutlady

09:0512.06.2024
0
8207

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine, ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

“Ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, birek-birege hormat goýmagyň hakyky nusgasy bolan Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ösüş depginini hem-de ýokary derejesini uly kanagatlanma bilen aýratyn bellemek isleýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda iki halkyň we ýurtlaryň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Prezident Wladimir Putine we Hökümet Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň