Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

e.gov.tm portalynda Türkmenistanyň raýatlary üçin peýdaly bolan zerur maglumatlar bar

15:3204.06.2024
0
16749

Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly raýatlara dürli resminamalary düzetmek we kepilnamalary almak üçin zerur bolan mümkinçiligi hödürleýär.

Portalda Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny, çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasyny hem-de beýleki möhüm resminamalary almak üçin anyk gözükdirmeleri tapmak bolýar. Maglumatlar ulanyjylaryň döwlet edaralaryndan zerur bolan maglumatlary tiz tapmagyny göz öňüne tutup düzülendir.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul ediş möwsüminde hyzmatlar portalynda dalaşgärler üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy, hünär ugurlary we synaglaryň geçiriljek senesi ýaly maglumatlar yzygiderli täzelenip durulýar.

Mundan başga-da, e.gov.tm zerur resminamalaryň sanawy, olaryň hereket ediş möhletleri we degişli edaralaryň salgylary barada iň täze maglumatlary ýetirýär. Raýatlar dürli kepilnamalary resmileşdirmegiň talaplary bilen tanşyp bilerler. Bu bolsa resminamalary tabşyrmak üçin öňünden taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär.

Şunlukda bolsa, e.gov.tm portaly ýeterlik derejede wagty tygşytlamaga hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarydyr guramalary bilen gatnaşygy ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň