Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gujurly Bilim Merkezi»: «Golden Bookmark» bäsleşigi iň zehinli okyjylary saýlady

14:5103.06.2024
0
18997

Golaýda, has takygy 18-nji maýda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we türkmen halkynyň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Gujurly Bilim Merkeziniň» diňleýjileriniň, işgärleriniň hem-de mugallymlarynyň arasynda türkmen, rus we iňlis dillerindäki kitaplary okamak boýunça «Golden Bookmark» bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň goldaw bermeginde guralan bäsleşige «Gujurly Bilim Merkeziniň» diňleýjileriniň 150-si, mugallymlarydyr-işgärleriniň hem 15-si gatnaşdy.

Uly ýaşly diňleýjiler we mugallymlar türkmen dilinde meşhur amerikan ýazyjysy Mark Tweniň «Geklberri Finniň başdan geçirenleri» atly eseri, iňlis dilinde bolsa Madeleine L’Engleniň «A Wrinkle in Time» («Wagtda emele gelen ýygyrt») atly eseri boýunça bäsleşdiler. Kiçi ýaşly diňleýjiler türkmen dilinde Karlo Kollodiniň «Pinokkio» eserini, rus dilinde hem Maýkl Bondyň «Медвежонок Паддингтон» («Aýyjyk Paddington») eserini okamak boýunça zehinlerini synadylar.

Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň şertlerine görä, baýrakly orunlar gatnaşyjylaryň sanyna görä kesgitlenilýär. Has takygy, bäsleşige 3 adam gatnaşsa, diňe 1 orun, 3-den 9 adama çenli gatnaşsa, 1-nji we 2-nji orunlar mälim edilýär.

Eger-de degişli kitaplar boýunça 10 we şondan köp adam okamakda güýjüni synasa, 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji baýrakly orunlar kesgitlenýär.

Netijede, «Golden Bookmark» bäsleşiginiň nobatdaky tapgyrynyň jemleri boýunça — mugallymlaryň arasynda türkmen dilindäki kitaby okamak boýunça ýeke-täk baýrakly orny mugallym Oguljennet Illiýewa eýelemegi başardy. Iňlis dilindäki kitap boýunça mugallym Saparmuhammet Suwhanow ýeňiş gazanyp, 1-nji orna mynasyp boldy, degişlilikde «Gujurly Bilim Merkeziniň» hünärmeni Haltäç Mämmetşaýewa, mugallymlar Gülşat Amanmyradowa,Merdan Şadurdyýew, Ogultuwak Nazarowa hem-de Röwşen Myratgulyýew dagy deň derejede utuk gazanmak bilen, 2-nji baýrakly orny paýlaşdylar.

«Gujurly Bilim Merkeziniň» uly ýaşly diňleýjileriniň arasynda geçen türkmen dilindäki kitaby okamak boýunça bäsleşikde Merjen Şadyýewa 1-nji orna, Humaý Nazarowa 2-nji orna, Begenç Annaorazow bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. Iňlis dilindäki kitap boýunça hem Maýa Güýjowa 1-nji orna, Çynar Garlyýewa 2-nji orna, Nailýa Gasanowa 3-nji orna eýe bolup, öňe saýlandylar. Kiçi ýaşly diňleýjileriň arasynda türkmen dilinde kitap boýunça geçen bäsleşik Akmaýa Goçmyradowanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu garşydaşlykda Selbi Muhammetjumaýewa 2-nji, Şalar Döwletmyradow bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Rus dilindäki kitap boýunça Nurýagdy Jumahanow 1-nji we Aýsona Orazowa 2-nji orny eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Golden Bookmark» bäsleşigi «Gujurly Bilim Merkezi» tarapyndan her okuw tapgyrynda geçirilip gelinýär. Ol ilkinji gezek 2016-njy ýylyň tomusky okuw tapgyrynda geçirilip başlandy. Şondan bäri hem 28 gezek geçirilen tapgyryň dowamynda türkmen, rus we iňlis dillerinde jemi 121 kitap, ýagny takmynan 18500 töweregi sahypa okaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň