Türkmenistanda Rus kinosynyň festiwaly geçiriler

13:5103.06.2024
1
13680

3-5-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat kinosöýüjileriň jemlenýän merkezine öwrüler. Bu ýerde ýerleşýän «Berkarar» kinoteatrynda «Rus film festiwaly Türkmenistan 2024» geçiriler.

Festiwal «ROSKINO», Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi, Kino gaznasy we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralýar.

Tomaşaçylara «Çüýbalygyň emri bilen», «Üç pälwan we Ýeriň göbegi», «Ruslan we Lýudmila. Ertekiden hem artyk» ertekilerini we «Men ädim ädýärin» melodramasyny öz içine alýan baý maksatnama hödürlener.

Festiwalyň çäklerinde film görkezilişleriniň ählisi mugt bolar, bu bolsa isleg bildirýän her bir adama Russiýanyň kino dünýäsine aralaşmaga hem-de onuň özboluşlylygyndan we ussatlygyndan lezzet almaga mümkinçilik berer.

Maksatnama rus kinematografiýasynyň meşhur eserlerini öz içine alar:

- 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça rus kinoteatrlarynda iň köp girdeji gazanan filmleriň biri bolan «Çüýbalygyň emri bilen» (režissýory Aleksandr Woýtinskiý, 2023) ertekisi: umumy girdejisi 2,4 milliard rubldan gowrak;

- «Üç pälwan we Ýeriň göbegi» atly gülküli fentezi-multfilmi (režissýory Konstantin Feoktistow, 2023) rus prokatynyň tutuş taryhynda iň köp girdeji gazanan animasiýa filmidir, ol 1 milliard rubldan gowrak girdeji gazandy. Bu «Üç pälwan» franşizasynyň on ikinji bölümidir.

- «Ruslan we Lýudmila. Ertekiden hem artyk» multfilmi (režissýorlary Alekseý Sisilin, Wladimir Nikolaýew, Alekseý Zamyslow, 2023). A.S.Puşkiniň «Ruslan we Lýudmila» goşgusy esasynda döredilen. Beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň dünýä inmeginiň 225 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu görkeziliş aýratyn ähmiýete eýe bolar.

- «Men ädim ädýärin» melodramasy (režissýory Olga Akatýewa, 2023) – disleksiýa mowzugyny açýan film: sýužete görä, disleksiýadan ejir çekýän mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdebiniň zehinli uçurymy oba mekdebinde edebiýat mugallymy bolýar.

«ROSKINO» tarapyndan guralýan festiwal Türkmenistanda eýýäm dördünji gezek geçiriler.

Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Olga Lýubimowanyň belleýşi ýaly: «Türkmenistan bilen gatnaşyklar täze derejä çykýar, muny soňky birnäçe duşuşyklar – GDA ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisi we Aşgabatda geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat hem tassyklaýar. Şu ýylyň güýzünde Türkmenistanda Russiýanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär: Rus film festiwalymyz bu giň gerimli çäräniň öňüsyrasynda möhüm waka bolar».

«ROSKINO» halkara festiwallarda we kino bazarlarynda rus audiowizual mazmun senagatyna wekilçilik edýän döwlet guramasydyr. Kompaniýanyň paýnamalarynyň 100%-i Döwlet emlägini dolandyrmak boýunça federal agentligine degişlidir. 2024-nji ýylda kompaniýa ýüz ýyllyk ýubileýini belleýär («ROSKINO» taryhy 1924-nji ýyldan gözbaş alýan «Soweksportfilm» guramasynyň kanuny mirasdüşeridir).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň