Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen 193 sany kärhana hereket edýär

10:1831.05.2024
0
7340

2024-nji ýylyň 1-nji maý ýagdaýyna görä, Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen 190-dan gowrak kärhana hereket edýär. Bu Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, häzirki wagtda Özbegistanda hereket edýän Türkmenistanyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalaryň sany 193-e deňdir. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda Belarus Respublikasyndan soňra (212 sany kärhana) 7-nji orundan ýer aldy.

Sanawyň ilkinji bäşliginde Russiýa (3 müň 59), Gazagystan (1 müň 130), Täjigistan (308), Gyrgyz Respublikasy (280) hem-de Azerbaýjan (239) ýaly ýurtlaryň ady getirilýär.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda özara söwda dolanyşygynyň 288,5 million amerikan dollara deň bolandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň