Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekilýeti ABŞ-nyň uniwersiteti bilen atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrendi

11:1430.05.2024
0
11585

28-nji maýda Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-nyň Esberi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň Wilmor şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow, Akademiýanyň prorektory Seýtmyrat Ataýew hem-de seýisçi we tälimçi Aman Başimowdan ybarat boldy. Saparynyň dowamynda Esberi uniwersitetiniň prezidenti Kewin Braun, prorektory Şeri Pawers, Atçylyk programmasyny esaslandyryjy we müdiri hem-de Wilmore şäheriniň häkimi Harold Rainwater, Ylymlar fakultetiniň dekany, ylym we saglyk kafedrasynyň müdiri Wins Sutlive hem-de uniwersitetiň beýleki işgärleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmen wekiliýeti Esberi uniwersitetiniň okuw maksatnamasy, usulyýeti, okadyş we tälim beriş tilsimleri bilen tanyşdyryldy. Duşuşyklarda iki ýokary okuw mekdepleriň arasynda atçylyk pudagynyň dürli ugurlary, şol sanda özara düşünişmek baradaky ähtnamanyň taslamasy boýunça gepleşildi. Has takygy, türkmen tarapy Atçylyk merkeziniň okuw meýilnamasy, seýisçilik tejribesi, talyplary okatmagyň inçe tärleri bilen tanyşyp, ylmy gözleglerde hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň möhümdigi barada belledi. Taraplar talyplar we professor-mugallymlaryň bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki maksatnamalary taýýarlamagyň mümkinçiligine hem garadylar.

Ilçi M.Orazow, atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge, dünýä meşhur Ahal-teke atlaryny gorap saklamaga we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Türkmenistanyň döwlet syýasaty barada gürrüň berdi. S.Ataýew Arkadag şäherinde geçen ýyl açylan Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasy, onuň iň ýokary derejede üpjünçiligi we okuw maksatnamasy barada prezentasiýa bilen çykyş etdi. A.Bäşimow öz gezeginde halkara arenasyndaky üstünlikleri bilen tanalýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazananlary barada gürrüň berdi. Duşuşyklaryň netijesinde türkmen wekiliýeti hyzmatdaşlygy berkitmek üçin Esberi uniwersitetiniň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini Türkmenistana iş sapary bilen çagyrdy.

Duşuşyklardan soň türkmen wekiliýeti Esberi uniwersitetiniň atçylyk merkezine baryp gördiler. Olar merkeziň işiniň amaly taraplary barada düşünje alyp, athanalara, okuw meýdançalaryna we ammarlara aýlandylar. Wekiliýet uniwersitet tarapyndan saklanýan atlara ideg we okuw-türgenleşigiň ýokary standartlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy.

29-njy maýda türkmen wekiliýeti “Kentukki at seýilgähine” we “Amerikan Saddlebred atynyň” muzeýine baryp gördi. Olar Kentukki ştatynyň baý atçylyk mirasy baradaky bilimlerini çuňlaşdyryp, dürli atçylyk senetine degişli eksponatlar, baýraklar, esbaplar we sungat eserleri bilen tanyşdylar.

Sapar birek-birege hormat goýmak we bilelikde işlemäge taýynlyk duýgusy bilen tamamlandy. Esberi uniwersiteti we Akademiýanyň ylym, bilim we hünär taýýarlygy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardylaryny görmek boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň