Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen suratçysy Türkiýede geçirilen foto-sammıte gatnaşdy

15:1329.05.2024
0
9313

Türkmenistanly suratçy, suratkeş Ahmet Hallyýew 2024-nji ýylyň 25-28-nji apreli aralygynda Türkiýäniñ Adyýaman şäherinde geçirilen halkara "Commagene Foto” sammitine gatnaşdy.

Çärä jemi 69 suratçy gatnaşdy. Olaryñ hatarynda 6 ýurtdan halkara derejede tanymal 12 suratçy, şeyle hem dürli sebitlerden baýrakly orunlaryñ eýesi bolan 45 ökde suratçy bar. Suratçylar Adyýaman welaýatynyñ 9 etrabynyñ 60-a golaý gözel ýerlerini surata düşürdiler. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen 2 müñ 150 metr belentlikde ýerleşýän Nemrut dagy harabalygy bolsa suratçylarda ýakymly ýatlamalar galdyrdy.

Sammitiñ çäklerinde taryh, tebigat we medeniýet mowzuklary boýunça 20 müň surat düşürdildi we 300 wideo-dron ýazga geçirildi. Şäher häkimligi tarapyndan gurnalan çärä gatnaşan suratçylaryň sosial mediadaky neşirleri 5 milliondan gowrak boldy. Şeyle hem surat sungaty boýunça dürli duşuşyklar we çäreler guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň