Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

20:1827.05.2024
0
11209
Gazagystanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetini kabul etdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna oňyn bahar berildi we onuň geljegi boýunça pikir alşyldy. Wise-premýer R.Meredow duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gazak Liderine ýollan salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda sebitara we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň