Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň býujetiniň girdejileri we çykdajylary

11:3606.01.2025
0
16426

Döwlet býujeti — ykdysadyýeti meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Mejlisiň 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda makullanylmagy bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny tassyklady. Häzirki wagtda möhüm resminama laýyklykda geçirilýän işler boýunça «Türkmenistan» gazeti Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy, Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginiň başlygy bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik gurady.

— 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň hakyky ykdysady ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarda 6,3 göterime çenli derejede emele geler we ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösmeginiň hasabyna üpjün ediler. Kanuna laýyklykda, şu ýyl üçin Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 123 798,1 million manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejiler hem çykdajylar boýunça 36 500 million manat möçberde tassyklanyldy.

— Merkezleşdirilen býujet bolsa girdejiler we çykdajylar boýunça 111 987,6 million manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejilerdir çykdajylar boýunça 24 689,6 million manat möçberde göz öňünde tutuldy.

— Çykdajylaryň köp böleginiň ýurduň raýatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän durmuş şertleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdiriler.

— Merkezleşdirilen býujetden Arkadag şäheriniň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 496,5 million manat möçberde serişdeler bölünip berler.

— 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça ýerli býujetleriň umumy möçberi 15 307 million manat möçberde meýilleşdirilýär.

— 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýumlar gönükdiriler.

— Onda önümçilik-tehniki desgalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň paýy 65,6 göterime, durmuş-medeni ulgamlara serişdeleriň paýy bolsa 34,4 göterime deň bolar.

— Oba milli maksatnamasy boýunça binalaryňdyr desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary hem-de durkuny täzelemek işleri üçin býujetden 750 million manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleri bölünip berler.

— Býujetiň serişdeleriniň 76 göterimden gowragynyň (26,4 milliard manat) durmuş ulgamyna gönükdiriler. Şunda durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberilýän serişdeleriň 37,2 göterimi bilimi, 13,4 göterimi saglygy goraýşy, 2,9 göterimi medeniýeti, 37,4 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge sarp ediler.

— Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň birinji derejesine gelip gowuşjak serişdeler barada aýdylanda, olar maliýe ýylynyň dowamynda fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan töleniljek salgytlardyr ýygymlaryň, beýleki tölegleriň hasabyna emele getiriler. Bu girdejileriň umumy möçberinde peýdadan alynýan salgydyň paýy 15,4 göterime; goşulan baha üçin salgydyňky 13,3 göterime; goşmaça tölegleriňki (aksiz) 5,5 göterime; ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň paýy 4,0 göterime; emläk üçin salgydyňky 3,3 göterime; ilatdan alynýan salgytlaryňky 11,3 göterime; hökmany Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň paýy 16,6 göterime; beýleki salgytlaryň we tölegleriň paýy 30,6 göterime deň bolar diýlip çaklanylýar.

— 2025-nji ýylda býujetiň ikinji derejesinde toplumlaryň we pudaklaryň önümleri ýerlemekden alýan girdejileri (salgytlary hasaba almazdan) 87 298,1 million manat möçberinde bolmagyna garaşylýar.

— Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, döwlet goldawyny bermek arkaly hususyýetçiligi ilerletmek, jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2025-nji ýylda 71,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, 2024-nji ýylda jemi 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilmegi göz öňünde tutuldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjek 2025-nji ýylda bolsa milli ykdysadyýete maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýumlar gönükdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň