Top.Mail.Ru

Aşgabatda Türk aşhanasynyň hepdeligi dabaraly bellenildi

16:5024.05.2024
0
8404

Türkiýe Respublikasynyň ilçisiniň Aşgabatdaky wekilhanasynda Türk aşhanasynyň hepdeligi bellenildi.

Bu dabaraly çäräniň barşynda Egeý sebitiniň aşhanasy tanyşdyryldy.

Ilçi Ahmet Demirok myhmanlaryň öňünde eden çykyşynda Türk aşhanasynyň hepdeligi taslamasynyň ýurduň birinji zenany Emine Ärdogan tarapyndan türk aşpezliginiň köpdürlüligini, baýlygyny giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen ýola goýlandygyny aýtdy. Onuň ýolbaşçylygynda «Wagtyň güýjüne boýun egmeýän reseptleri bolan türk aşhanasy» atly gastronomiki kitap neşir edildi.

Türk aşhanasy Kawkazdan Balkan ýurtlaryna, Ýakyn Gündogardan Egeý deňzine, Gara deňizdenem Ortaýer deňzine çenli aralykda uly giňişlige uzap gidýän çäkde ýaýran sansyz-sajaksyz datly tagamlary öz içine alýar.

Meýdandan göni saçaga uzadylýan dürli miwe we gök önümlere esaslanýan türk aşhanasy köp sanly wegetarian we wegan tagam görnüşlerini hödürleýär.

Egeý Türkiýäniň sebitleriniň biri bolup — ol tagamly zeýtun ýagyna we üzümçilige uly üns berilýän ýer. Bu ülkäniň aşhanasy hem otlardan, gök önümlerden, balyklardan, deňiz önümlerinden hem-de ýerli önüm bolan zeýtun ýagyndan taýýarlanylýan ýeňil we sagdyn tagamlary bilen meşhurdyr.

Türk aşhanasynyň hepdeliginde myhmanlara Egeý sebitiniň delikates tagamlary hödürlendi. Egeý tagamnamasy zeýtun we peýnir, tarhan çorbasy, mýukwer, Egeý görnüşli işdäaçar, ysmanakly gözleme, Izmir frikadelkalary we mastik doňdurmaly injirden desert bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň