Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar

11:5020.05.2024
0
8804

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Bu barada 17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bellenildi diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ýurduň halyçylaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakylar.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine uly üns berilýändigini belledi we wise-premýer B.Atdaýewe Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri, haly önümleriniň sergisini, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň