Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabide dzýudo boýunça dünýä çempionaty geçirilýär

10:2420.05.2024
0
7712

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde dzýudo boýunça dünýä çempionaty başlandy. Bu ýaryşa 109 ýurtdan 672 türgen (357 erkek, 315 zenan) gatnaşýar. Tutluşyklar «Mubadala Arenanyň» göreş tatamisinde geçirilýär.

Ýaponiýaly tälimçi Kazuhiko Tokunonyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 8 türgen (5 erkek, 3 zenan) wekilçilik edýär.

Erkekler: Aýbek Omirow (60 kg çenli), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi hem 66 kg çenli), Mämmedaly Açyldyýew (90 kg çenli), Baýmyrat Majanow (100 kg çenli).

Zenanlar: Gurbanaý Gurbanowa (48 kg çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kg çenli), Zülhumar Daşgynowa (63 kg çenli).

37-nji dünýä çempionatynda medallar toplumynyň 15-si ugrunda göreşler guralar.

Medallara eýe bolan türgenler Pariž olimpiadasyna gatnaşmaga ýollanma gazanmakda möhüm bolan olimpiýa utuklaryna eýe bolarlar. Ýaryşyň ýeňijileri 2000, kümüş medalçylar 1400, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başaranlar bolsa 1000 ball alarlar.

Agramlaryň her biriniň ýeňijileri 26 müň ýewro gowşurylar. Kümüş medallaryň eýeleri 15 müň, bürünç medalçylar bolsa 8 müň ýewro barabar bolan sowgada eýe bolarlar.

Ýaryş günleriniň final tutluşyklaryny «Матч! Боец» teleýaýlymy arkaly synlap bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň