Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

15-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

11:4015.05.2024
0
11904

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygyny we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdiler, Aşgabat şäherinde azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady, Türkmenistanyň DIM-i Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeri kabul etdi. Duşuşykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, hususan-da, şu ýyl Türkmenistanda altynjy Wena balyny geçirmek we geljek 2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
– Siz Türkmenistanyň öňden gelýän hakyky dosty bolup durýarsyňyz. Siz köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara işjeň gatnaşýarsyňyz, döwletara gatnaşyklary ösdürmäge öz mynasyp goşandyňyzy goşýarsyňyz – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny mähirli kabul edip, ony ýakynda bolan ýubileýi bilen gutlady. Gurbanguly Berdimuhamedow Bergere iki ýurdy ýakynlaşdyrmak, dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsini berkitmek ugrundaky tagallalary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Bergeri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli öňde boljak giň gerimli dabaralaryň hormatly myhmanlarynyň hatarynda görmäge şatdygyny belledi.

3. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi. Taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň işine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini toplandyklary nygtaldy.

4. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi. eljek ýylda bu şygar bilen birnäçe duşuşyklar geçiriler diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Ýaponiýanyň wekillerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Pursatdan peýdalanyp, Endo Toşiaki hem Gurbanguly Berdimuhamedowy geljek ýyl Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine baryp görmäge çagyrdy.

5. Türkmen paýtagtynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food» atly halkara sergisi öz işine başlady. Bu sergini guraýjylar hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Sofuar» halkara kompaniýasy çykyş edýär. Serginiň maksady ýurduň obasenagat toplumynda, azyk senagaty we oba hojalygy pudagynda gazananlaryny görkezmekden, şeýle hem tejribe, tehnologiýa we önüm alyşmak üçin türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr. Serginiň işi 17-nji maýa çenli dowam eder. Şu gün we ertir sergiler merkezine irden 10-dan agşam 18-e çenli, jemleýji günde bolsa- 10-dan 15:00-a çenli baryp bolýar.

6. «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 30 ýyllyk hyzmatdaşlygy: geljek üçin bilelikdäki tagallalar» atly maslahatyň ilkinji mejlisinde türkmen tarapy Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny mälim etdi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Raşid Meredow mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Esasy ileri tutulýan ugurlar biri-biri bilen ýakyn baglanyşykly bolan ählumumy, sebit we milli howpsuzlykdyr. Meredow Türkmenistanyň elmydama ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň tarapdarydygyny nygtady. Ýurt bu ugurda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek isleýär hem-de öz mümkinçiliklerine görä terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde öz goşandyny goşýar. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi aýratyn ünsi talap edýän ugurdyr, şeýle hem energetika, ulag we «ýaşyl» sirkulýar ykdysadyýet geljegi uly ugurlaryň hataryna girýär.

7. Türkmenistan we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmaga gönükdirilen giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi barada ylalaşyk baglaşdylar. «2024 – 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýynça çäreler we syýasy dialog»” atly taslama ýakyn wagtda işe giriziler. Degişli Ähtnama 14-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we GIZ-iň wekilleri gol çekdiler.

8. Saud Arabystany Türkmenistana 25 tonna hurma sowgat berdi. Yslam dininde mukaddes hasaplanýan bu miwe ýükli tapgyr Patyşa Salmanyň goldaw we ynsanperwer kömek merkezi tarapyndan sowgat berildi. Ýüki gowşuryş dabarasy Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirildi. Alnan hurmalar Türkmenistandaky metjitleriň we musulman jemagatlarynyň arasynda paýlanar.

Dünýäde

9. Russiýada ýokary bilim ulgamy möhüm özgerişleri başdan geçirýär: 2025-nji ýyldan başlap ýurtda «bakalawr» düşünjesi aradan aýrylar. Munuň ýerine iki dereje bolar: binýatlyk ýokary bilim we ýöriteleşdirilen ýokary bilim. Täze bilim ulgamy talyplaryň mümkinçiliklerini has çeýe we häzirki zamanyň talaplaryna has laýyk etmäge gönükdirilendir. Binýatlyk ýokary bilim hünäre baglylykda, 4 ýyldan 6 ýyla çenli dowam eder.

10. Hytaýyň Gansu welaýatynda ýerleşýän çölde düýeleriň hereketini sazlamak üçin ýolyşyklary (swetofor) oturdyldy. Bu adaty bolmadyk çözgüt her ýyl geçirilýän we bu sebite müňlerçe jahankeşdäni çekýän festiwal bilen baglanyşykly ýerli häkimiýetler tarapyndan kabul edildi. Düýe münmek dynç alyşyň esasy güýmenjeleriniň biridir we 2023-nji ýylda bu haýwanlaryň 2,4 müňüsi bu ýere getirildi, olaryň köpüsi gadymy Ýüpek ýolundan ýöräpdi. Ýolyşyklary düýeleriň hereketini sazlamaga ýardam berer hem-de ony haýwanlar we syýahatçylar üçin has ygtybarly eder.

Sport habarlary

11. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň düzgün-tertip baradaky komiteti tarapyndan Ýokary liganyň 10-njy tapgyrynyň çäginde Türkmenbaşy şäherinde Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary bilen geçirilen duşuşykda «Şagadama» 0:3 hasabyndaky tehniki ýeňliş yglan etdi. Myhman topar 2:0 hasabynda öňde barýarka, meýdandaky düşünişmezlik sebäpli, 83-nji minutda oýun saklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň