Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

RPL-de «Dinamo» birinji orna geçdi

23:3712.05.2024
0
3291

Moskwanyň «Dinamo» futbol kluby Russiýanyň premýer-ligasynyň 28-nji tapgyrynd myhmançylykda Kaliningradyň «Baltikasyny» 3:2 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny Konstantin Týukawin (3-nji minut), Roberto Fernandes (90+3) we Mumi Ngamalýo (90+9) dagylar geçirdi. «Baltikada» bolsa Anhelo Enrikes (32) bilen Kirill Kaplenko (68) tapawutlandy.

Bu ýeňişden soň «Dinamo» ýaryş tertibinde birinji orna geçdi. 53 utukly topar möwsümiň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda, ikinji orundaky «Zenitden» 2 utuk öňe geçdiler. Üçünji orunda bolsa «Krasnodar» bar. 15-nji orundaky «Baltika» 26 utuk toplap bildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň