Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Emomali Rahmon kenarýaka ýurtlary suwy ýerlikli ulanmaga çagyrdy

11:3514.11.2024
0
13448
Emomali Rahmon kenarýaka ýurtlary suwy ýerlikli ulanmaga çagyrdy
Surat: mir24.tv

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon BMG-niň Baku şäherinde geçýän Howa sammitiniň ýokary derejeli çäresinde çykyş edip, guramanyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyny berjaý etmek barada söz sözledi. Ol 2025-nji ýyly Buzluklary goramagyň Halkara ýyly hökmünde yglan etmek başlangyjyny öňe sürdi. Maksat – buzluklaryň eremeginiň öňüni almak hem-de ekoulgamlary goramak diýip, «MIR 24» habar berdi.

Geljek ýylyň maýynda Duşenbe şäherinde buzluklary goramak boýunça halkara maslahat geçer. Döwlet baştutany şunuň bilen baglylykda, kenarýaka ýurtlara, şeýle hem buzluklaryň eýesi bolan döwletlere hyzmatdaşlygy giňeltmegi we tejribe alyşmagy teklip etdi. Bu suwuň ýetmezçiligine we deňziň derejesiniň ýokarlanmagyna garşy göreşmekde kömek eder.

Rahmon Täjigistanyň ägirt uly suw gorlaryna eýe bolmak bilen, suw bilen bagly meselelere hemişe üns berýändigini nygtady. Prezidentiň sözlerine görä, suw gorlarynyň tygşytly we täsirli ulanylmagy Täjigistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň