Türkmen kibersportçulary «Counter Strike» boýunça geçirilen duşuşykda eýranly wekilleri ýeňdiler

13:2507.05.2024
0
9135

Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasy (TMESF) Halkara Elektron sporty federasiýasynyň howandarlygynda geçiriljek «World Esports Championship» ýaryşyna görülýän taýýarlygyň çäginde eýranly kärdeşlerine garşy ýoldaşlyk oýunlarynyň birnäçesini geçirmek üçin Türkmenistanyň «Counter Strike» boýunça zenanlar ýygyndy toparyny hödürledi. Ussatlygy hem-de yzygiderliligi talap edýän täsirli görnüş boýunça duşuşykda türkmen kibersportlary 2-0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

BO3 (Best of 3 – iki ýeňşe çenli oýun) onlaýn formatynda geçirilen oýunlar kibersport jemgyýetiniň ünsüni diňe bir oýnuň hiline çekmek bilen çäklenmän, eýsem, oýunçylaryň ussatlygyna hem gönükdirdi. Türkmen oýunçylary iň meşhur «Counter Strike – Mirage» böleginde öz başarnyklaryny görkezmek baradaky çözgüdi kabul etdiler. Eýranyň topary «Anubisy» saýlady. Şeýlelikde, ýeňiş türkmen toparynyň tarapynda boldy — 2:0.

«World Esports Championship от IESF» ýaryşy türkmen kibersportçulary üçin nobatdaky möhüm synaga öwrüler. Yzygiderli gatnaşýan ýoldaşlyk duşuşyklary bilen yzygiderli taplanýan Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy bu ýaryşda ynamly çykyş etmäge taýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň