Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

3-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

10:1904.05.2024
0
7220

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy, «Ak şäherim Aşgabat» atly sergi 24-25-nji maýda geçiriler, Türkmenistan we Niderlandlar futbol ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2024-nji ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Döwlet Baştutany 9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Aşgabatda we welaýatlarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Mejlisiň dowamynda kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, hukuk goraýjy edaralaryň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi.

2. Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp her ýyl geçirilýän baýramçylyk dabaralaryň çäklerinde, 2024-nji ýylyň 24 – 25-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler. Iki günüň dowamynda sergi Aşgabadyň ösüşi bilen baglanyşykly dürli iş ugurlarynda gazanylan üstünlikleri görkezmek üçin meýdança bolup çykyş eder.

3. Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti 12-nji maýda üç günlük sapar bilen Aşgabada geler.

4. A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň ýanyndaky Tatýana Öwezmuradowanyň ýolbaşçylygyndaky inklýuziw çagalar studiýasy tarapyndan Aşgabatda ürkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň kitaby esasynda «Japbaklar» spektakly sahnalaşdyryldy. Aýratyn zerurlyklary bolan çagalaryň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan inklýuziw sahna oýnunyň ilkinji görkezilişine köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Ýaş aktýorlar Japbaklar baradaky rowaýatyň atmosferasyny ynandyryjy ýagdaýda döretdiler. Spektakl üçin taýýarlyk alty aý dowam etdi we hemme zat hakyky ulular teatryndaky ýaly boldy. Taýýarlyklarda çagalar sahna çykyşlarynyň we hereketleriniň esaslaryny, aktýorçylyk ussatlygyny we improwizasiýany lezzet bilen öwrendiler. Spektaklyň ilkinji görkezilişine gatnaşan hormatly myhmanlaryň hatarynda meşhur «Japbaklar» filminde iň kiçi dogan Topbagyň keşbini ýerine ýetiren Aşyr Jumadurdyýewyň hut özi bardy.

5. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi esaslandyrylmagynyň 95 ýyllygyny belleýär. Şanly ýubileý mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda ýörite sazçylyk mekdebiniň ähli bölümleriniň talyplarynyň hasabat konserti geçirildi.

Dünýäde

6. Ýewropanyň kitap gaznalaryndan XIX asyra degişli rus nusgawy eserleriniň 170-den gowrak tomy ýitirim boldy. Ýewropol ogurlyga dahylly dokuz adamy tussag etdi. Iň uly zyýan Warşawa uniwersitetiniň kitaphanasyna ýetirildi. Onuň ýygyndysyndan 78 kitap ogurlandy, olaryň hersiniň bahasy onlarçadan başlap, ýüzlerçe müň dollara deň hasaplanýar. Ogurlanan eserleriň arasynda Aleksandr Puşkiniň, Nikolaý Gogolyň, Iwan Krylowyň, Mihail Lermontowyň we beýleki edebiýat ägirtleriniň eserleri bar. Ogrular kitaplaryň käbirini ussatlarça olaryň nusgalary bilen çalşypdyrlar, olary hakykylary bilen diňe ussat hünärmenler tapawutlandyryp bildiler. Ogurlygyň sebäpleri we ogrularyň şahsyýetleri syr bolmagynda galýar.

7. «MiningWorld Russia» sergisinde täze «KAMAZ Atlant-50» dag-magdan samoswal awtoulagynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. 6x4 teker formulasy bolan 50 tonnalyk äpet ulag uly göwrümi we özboluşly aýratynlyklary bilen derrew ünsi özüne çekdi. «Atlant-50» üçin ýörite işlenip düzülen şassi kyn topraklarda durnuklylygy we hereketi üpjün edýän ýol giňligi bilen tapawutlanýar. Adaty «KAMAZ» samoswal awtoulaglaryndan tapawutlylykda, «Atlant-50» 30 kub metrlik gurluş bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa bir gezekde has köp ýük daşamaga mümkinçilik berýär.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Niderlandlaryň Patyşalyk Futbol Bileleşiginiň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi, onuň dowamynda futbol ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyldy. Gepleşikleriň dowamynda niderland tarapy infrastruktura we türgenleşik boýunça bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Türkmenistana gelip görmäge taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem türkmen wekiliýetleriniň Niderlandlara saparlary amala aşyrmaklaryna garaşylýar. Tälimçileriň ukyplaryny ösdürmäge uly üns berildi. Bilimleriň we serişdeleriň alyş-çalşygy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanda futbol standartlaryny gowulandyrmak üçin oýunçylar üçin alyş-çalyş maskatnamalaryny we niderlandly hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw sapaklaryny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy geljekdäki taslamalaryň maksatlaryny we gerimini kesgitleýän Ähtnamany taýýarlamagy teklip etdi.

9. Türkmenistanda uly tennis boýunça ýaryş badalga aldy. ýurduň paýtagtyndan we welaýatlaryndan ýüzden gowrak ýaş türgen öz ýaş derejesinde birinjiligi eýelemek ugrunda «Aşgabat» köpugurly stadionyň tennis meýdançalaryna jemlendiler. Bäsleşikler iki toparda geçirildi: 14 ýaşa çenli we 18 ýaşa çenli ýetginjek oglanlar we gyzlar üçin. Tennisçiler ýekelikde we jübütleýin ýaryşlarda bäsleşerler. Bu ýaryş türkmen tennisiniň durmuşynda ajaýyp waka boljakdygyna wada berýär we tomaşaçylara köp sanly gyzykly oýunlary hödürlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň