Hindistany çakdanaşa yssy howa basdy diýip, «24KZ» habar berýär.
Ýurduň Günbatar Bengaliýa ştatynda howanyň derejesi Selsiý boýunça 44 gradusdan geçdi.
Howanyň gyzmagy ýurduň Parlamentine geçýän ählumumy saýlawlar wagty has-da biynjalyk edýär. Sebäbi saýlawlar açyk asmanyň astynda geçýär. Maharaştra ştatynda tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýärkä, dalaşgärleriň biri özünden gidip ýykyldy.
Howa maglumaty gullugynyň hünärmenleri aprel-iýun aralygynda Hindistanda petiş howanyň höküm sürjekdigini çaklaýarlar. Geçen ýyl yssy howa sebäpli ýurtda 250-den gowrak adam heläk boldy.