Şu gün Kazanda Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ýaş diplomatlarynyň VIII forumyny geçirdi. Foruma Türkmenistanyň adyndan diplomatik gullugyň ýaş işgäri Bägül Kerimowa gatnaşdy.
Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, ýaş diplomatlaryň forumyna taryhynyň dowamynda 40 ýurtdan 250-den gowrak wekil gatnaşdy. Şeýle hem soňky iki ýylda 300-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagynda Tatarystanyň paýtagtynda iki gezek ýaş diplomatlaryň forumy geçirildi.
Rustam Minnihanowyň bellemegine görä, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we ýaşlar diplomatiýasyny ösdürmek örän möhümdir. Häzirki wagtda Tatarystan we tutuş Russiýa Federasiýasy yslam ýurtlary bilen dürli formatlarda ýakyn we netijeli aragatnaşyk saklaýar.
Türkmen wekili öz çykyşynda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat diplomatiýasy, şunda ýaşlara berilýän üns we bildirilýän ynam barada belläp geçdi.