15-nji maýda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kitaphana işgärleriniň halkara maslahaty geçer diýip, GDA-nyň metbugat gullugyna salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi.
Halkara maslahat «Samarkant – GDA-nyň medeni paýtagty – 2024» döwletara maksatnamasynyň çäklerinde geçiriler. Oňa GDA agza ýurtlaryň milli kitaphanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň 30-a golaýy gatnaşarlar.
Forumda kitaphanalaryň häzirki zaman ösüşiniň möhüm meseleleri, çap we golýazma mirasy sanlylaşdyrmak, kitap okamagy wagyz etmek hem-de häzirki zaman habar-aragatnaşyk tehnologiýalary ara alnyp maslahatlaşylar.
Maslahatyň çäklerinde agza ýurtlaryň milli we döwlet kitaphanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Maslahata gatnaşyjylar 17-nji maýda Jyzak şäherinde geçjek «Merkezi Aziýa – 2024: Internet we ylymda, medeniýetde hem-de işewürlikde habar-kitaphana gorlary» atly XVII Halkara maslahata gatnaşarlar.
