Türkmenistanyň boks boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar

13:3927.04.2024
0
10600

25-nji aprelde Gazagystanyň paýtagty Astanada 22 hem-de 18 ýaşly türgenleriň arasynda boks boýunça Aziýa çempionaty başlandy.

Ýaryşa dünýäniň 26 ýurdundan bolan türgenleriň 435-si (267 erkek hem-de 168 zenan) gatnaşýar.

Bu ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary hem ussatygyny göşkezýär. Tenilbek Jumakulowyň baş tälimçilik edýän toparyna — Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 20 boksçy wekilçilik edýär.

Boks boýunça Aziýa çempionaty 8-nji maýda tamamlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň