Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň ýolbaşçysy Sergeý Bogaçýow şu gün Ýerde soňky 20 ýylda iň güýçli magnit hadysasynyň bolup biljekdigi baradaky pikiri öňe sürdi. Hünärmeniň bellemegine görä, soňky günlerde Gün Ýere tarap plazmanyň dört sany kuwwatly buludyny zyňdy. Netijede, magnit tupanynyň iň ýokary derejesiniň G5-e barmak mümkinçiligi 15% çaklanylýar.
Bu görkeziji howa şertlerine duýgur adamlarda ynjalyksyzlygyň, beden agyryň, kellagyrynyň döremegine, gan basyşyň ýokarlanmagyna getirip biler.
Magnit hadysalary orta güýçli bolsa-da, adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Magnit hadysasynyň ýaramaz täsirleriniň iň köp ýaýran görnüşleri aşakdakylardyr:
- baş aýlanmagy we kelleagyry;
- ukynyň bozulmagy;
- gan basyşynyň bozulmagy;
- dowamly keselleriň agyrlaşmagy;
- agyrylar, şeýle hem bogunlarda agyry;
- işdäňi ýitirmek we ýürek bulanmak;
- ejizlik duýgusy.
Şeýle günlerde bedene kömek etmek üçin, günde azyndan 7-8 sagat ýatmak, günde azyndan 2 litr suw içmek maslahat berilýär. Kofeniň mukdaryny azaltmaly we dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary köpräk içmeli, ýagly iýmitlerden gaçarak durmaly.
Mundan başga-da, maşklary ýerine ýetirmek, arassa howada ýöremek saglygyň gowulaşmagyna kömek edýär.
Lukmanlar bu hadysanyň bolmagyna garaşylýan we bolup geçýän döwründe agyr fiziki işleri etmezligi, sportuň agyr görnüşleri bilen meşgullanmazlygy, dartgynly meseleleri çözmezligi, stres döredýän ýagdaýlardan gaça durmagy, işiň arasynda käte oturyp, dynjyňy almagy, ýönekeý beden maşklaryny ýerine ýetirmegi maslahat berýärler.

