Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TFÇ ― 2024: «Köpetdagy» minimal hasap bilen ýeňen «Şagadam» dördünji orun üçin göreşi dowam edýär

09:1712.05.2024
0
7239

Düýn Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» Aşgabadyň «Köpetdag» toparyny kabul etdi. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda ýer eýeleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Duşuşykdaky ýeke-täk goly 11 metrlik jerime urgusyndan Mekan Aşyrow geçirdi. Ol 80-nji minutda tamamlandy.

Bu ýeňişden soň «Şagadam» utugyny 18-e çykaran hem bolsa, tapgyrdaky Mary derbisinde «Merwiň» hem ýeňiş gazanmagy bilen ýene-de bäşinji orunda galdy. Ýöne «Şagadamyň» bir duşuşygy az geçirendigini aýtmak gerek.

9 utukly «Köpetdag» bolsa ýene-de sekizinji orunda galmaly boldy.

14-nji we 15-nji maý günlerinde geçiriljek 15-nji tapgyrda «Şagadam» «Energetigiň» myhmany bolar, «Köpetdag» bolsa «Arkadag» toparyny kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň