Turkmenportal logo
12.05.24
72177217
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TFÇ ― 2024: «Ahal» «Altyn asyr» bilen duşuşykdaky üstünligini gorap bilmedi
Surat: Janköýer

Düýn paýtagtyň Büzmeýin etrabyndaky 10 müň orunlyk sport toplumynda «Altyn asyr» we «Ahal» toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Dört gol geçirilen duşuşykda ýeňiş gazanan tarap bolmady.


«Ahal» 47-nji minuda çenli Elman Tagaýewiň we Meýlis Diniýewiň geçiren gollary bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligini duşuşygyň ahyryna çenli gorap bilmedi. 66-njy minutda Myrat Annaýewiň dürs peýdalanan 11 metrlik jerime urgusy bilen hasaby ýygran «Altyn asyr» 84-nji minutda «Ahalyň» jerime meýdançasyndaky dartgynly pursatlarda Ata Geldiýewiň öz derwezesine pökgi geçirmegi bilen hasaby deňledi. Şeýlelikde, duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.


Eger ykbaly heniz çenli çözülmedik «Şagadam» ― «Altyn asyr» duşuşygyndaky («Altyn asyr» 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp durka, duşuşyk ýatyryldy) netijäni hem goşsak, onda iki topar hem utugyny 25-e çykardy. Türkmenbaşy şäherindäki duşuşygyň ykbaly çözülmedik hasap etsek bolsa, «Ahalda» 25, «Altyn asyrda» bolsa 22 utuk bar. Bu toparlar ýaryş tertibinde birinji we ikinji orunlary paýlaşýarlar.


15-nji tapgyrda «Ahal» «Nebitçini» kabul eder, «Altyn asyr» bolsa «Aşgabadyň» myhmany bolar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy geljek tapgyryň duşuşyklarynyň 14-nji we 15-nji maýda geçiriljekdigini habar berýär.


«Altyn asyr»«Ahal» – 2:2


Gollar: 66 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew, 84 Ata Geldiýew, öz derwezesine – 16 Elman Tagaýew, 47 Meýlis Diniýew.