23-24-nji aprelde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly III halkara forumy geçiriler, oňa Türkmenistanyň kompaniýalary, şol sanda deňiz söwda floty paýdarlar jemgyýeti hem gatnaşar.
Bu çärä deňiz portlarynyň, terminallaryň, ekspeditorlaryň, ulag-logistika kompaniýalarynyň, ýük eýeleriniň, gämi eýeleriniň, gämi gurluşykçylarynyň, ýöriteleşdirilen birleşikleriň, maýa goýum kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň we ýerli dolandyryş edaralarynyň 300-den gowrak wekiliniň gatnaşmagyna garaşylýar-diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň üstaşyr merkezi hökmünde ornuny eýeleýän «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň hem-de, Wolga-Kaspi ulag we logistika ekosistemasynyň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Mundan başga-da forumyň gün tertibine halkara ykdysady gatnaşyklaryň üýtgemeginiň şertlerinde Hazar deňziniň ulag-logistikasy, Hazarýaka ýurtlarynda oba-hojalyk önümleriniň eksporty, Wolgada hem-de Hazar deňzindäki portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly meseleler degişli bolar.