«Regus» merkezi: siziň ofisiňiz — Aşgabadyň işewürlik ýüreginde

11:4922.04.2024
0
11701

Aşgabatda oňaýly iş gurşawyny gözleýärsiňizmi? «Regus» işewürlik merkezi telekeçiler we kompaniýalar üçin ofis çözgütleriniň giň toplumyny hödürleýär:

Ofisler: Kiçijik iş ýerlerinden giň giň gerimli ofis bloklaryna çenli — «Regusda» islendik iş topary üçin çözgüt tapylýar.

Koworking: erkin işleýänler (frilanserler), startaplar hem-de dinamiki atmosferada işlemek isleýänler üçin tygşytly çözgüt.

Mejlis otaglary: duşuşyklary, ýygnaklary we okuwlary geçirmek üçin häzirki zaman mejlis otaglary.

Näme üçin «Regusy» saýlap bolar?

ýerleşýän ýeri amatly: Andalyp (Mir) bilen 1916-njy (Kotowskiý) köçeleriň arasynda, girilýän ýerinde ulag dyknyşyklygy bolmadyk ýerde, şäheriň işewürlik merkezinde.

ösen infrastruktura: merkezden uzak bolmadyk ýerde iş wagtynyň amatly bolmagyny üpjün edýän dükanlar, kafeler, restoranlar bar.

çeýe şertler: siz ofisi islendik möhlet bilen kärendesine alyp bilersiňiz.

goşmaça hyzmatlar:

  • kabul ediş hyzmatlary;
  • iş otaglaryny arassalamak;
  • çägiň goragynyň üpjün edilmegi;
  • 24/7 girmek mümkinçiligi;
  • ýokary tizlikli internet we başgalar.

«Regus» işewürlik meýdançasy ýörite wagtyň gymmatyna baha berýän we ýokary netijelilik bilen işlemek isleýän işewür adamlar üçin döredildi» diýip, merkeziň wekili pikirini beýan edýär.

Önjeýli işlemek üçin zerur bolan zatlar bilen enjamlaşdyrylan ajaýyp we ergonomiki iş ýerleri etjek işleriňe, öňde goýan wezipeleriňe ünsi jemlemäge amatly atmosferany döredýär.

Mundan başga-da, «Regus» — bu hakyky hünärmenler jemgyýetidir. Bu ýerde siz beýleki telekeçiler we kompaniýalar bilen tanyşlyk açyp, işewürlik aragatnaşyk ulgamyňyzy giňeldip hem-de täze hyzmatdaşlary tapyp bilersiňiz.

«Regus» bilen kärende şertnamasy baglaşmak bilen, diňe bir amatly iş ýerini däl-de, eýsem birnäçe sany tölegsiz ýetirilýän bonuslary hem alyp bilersiňiz:

biznes launj zolagy: rahat şertlerde gepleşikleri geçirip ýa-da ýöne dynç alyp boljak ajaýyp gurşaw.

mejlisler zaly: işewürlik duşuşyklaryny, ýygnaklary we tanyşdyryş çykyşlaryny geçirmek üçin doly enjamlaşdyrylan otag.

Regus — diňe bir ofis däl, bu täze mümkinçilikleriň açarydyr!

«Regus» barada has giňişleýin maglumatlary almak we iş gurşawyny bron etmek üçin (+993 12) 75 44 22 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 30-njy jaý, «Hil Gurluşyk» binasy;
  • elektron poçta salgysy: ashgabat.hilgurlusyk@regus.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • web saýty: www.regus.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň