Türkmenistan suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek boýunça desgalary döwrebaplaşdyrýar

07:2620.04.2024
0
14587

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan degişli desgalaryň durkuny täzelemek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu desgalar üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler bökdençsiz üpjün edilýär. Munuň özi olaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklipler beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda suwuklandyrylan gazy öndürmäge hem-de ony halkara bazarlara ygtybarly ibermäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

--- Munuň üçin öndürilýän suwuklandyrylan gazy talabalaýyk kabul etmäge, saklamaga we ýüklemäge niýetlenen desgalary döwrebaplaşdyrmak möhüm bolup durýar --- diýip, döwlet Baştutany aýtdy we beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň