Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata professor-mugallymlar, şeýle-de bu bilim ojagynda ýurduň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) gatnaşyjylar çagyryldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu gezekki maslahat we onuň çäklerinde guralan sergi “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän möhüm çäreleriň birine öwrüldi.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanda ýaşlaryň ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkara abraýynyň ýokarlanmagy, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça wezipeleri amala aşyrmaga goşýan bahasyz goşantlary bilen öňdebaryjy orunlara çykýandyklary bellenildi.
Ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasynda (OIOIUS — 2024) hem ýokary netijeleri gazandylar. Akyl-paýhas bäsleşiginde ýakynu-alysdaky döwletleriň 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinde hünärmen, bakalawr we magistratura maksatnamalary boýunça bilim alýan talyplar özara bäsleşdiler.
Ders olimpiadasynyň birinji tapgyrynda oňa gatnaşyjylara bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň tassyklan sanawy esasynda programma dilleriniň dürli amaly wezipelerini çözmek üçin 5 ýumuş berildi. Ikinji tapgyrda kiberhowpsuzlyk boýunça wezipeleri toplumlaýyn çözmek boýunça tehniki ýumuşlar ýerine ýetirildi. Ýumuşlar Türkmenistanyň we daşary döwletleriň professor-mugallymlaryndan, hünärmenlerinden ybarat iş topary tarapyndan taýýarlanyldy. Netijeleri kesgitlemek üçin bolsa bu bilim ojagynyň mugallymlary tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiliginiň mümkinçiliklerinden peýdalanyldy.
Maslahatyň ahyrynda halkara ders olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijiler medallar we diplomlar bilen sylaglanyldy.
Olimpiadada baýrakly orunlary eýelänlere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary maslahata gatnaşyjylar hem-de myhmanlar üçin ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Halkara ders olimpiadasyna we ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Myhmansöýer türkmen topragynda bolýan günlerinde daşary ýurtly talyplar türkmen ýaşlarynyň bilim almagy üçin döredilen döwrebap şertler, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okuw işleriniň guralyşy we ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleri bilen tanyşdylar.