Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

09:5819.04.2024
0
7344

18-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibine BMG-niň 2026 — 2030-njy ýyllar döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de DÖM-lere ýetmegi çaltlandyrmagyň ählumumy mümkinçilikleri ýaly meseleler girizildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň çygryndaky meseleleriň giň toplumynyň üstünde durup geçdiler, anyk teklipleri beýan etdiler we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

R.Meredow öz çykyşynda BMG we onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlygyň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady, Türkmenistanyň Hökümetiniň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, durnukly ulagy ösdürmekde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we beýleki birnäçe ugurlarda gurama bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga bolan çemeleşmesini beýan etdi.

Türkmenistanyň halkara meýdançalarynda öňe sürýän başlangyçlaryny, milli maksatnamalary, meýilnamalary durmuşa geçirmegi bilen bagly ugurlary ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde ýurt tarapyndan başy başlanan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy we guramanyň düzüm bölümleri tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda durnukly ösüş, ulag, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, şeýle hem ynsanperwerlik ölçegi, şol sanda adam hukuklarynyň goralmagy, milli medeni mirasy goramak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryna öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak we peýdalanmak ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

BMG-niň bölümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler, bu ugurdaky pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar.

Şeýle hem öňde durýan duşuşyklaryň we meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň