Top.Mail.Ru

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

10:1318.04.2024
1
10782

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary bolan kümüş saçly enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle hem agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň başynda kümüş saçly enelerimiz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Watanymyzda adam we onuň saglygy hakynda uly aladalar edilýändigi we raýatlaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek babatda möhüm işler durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Şeýle hem, ýurdumyzda giň gerim bilen geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlary mähirli gutladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň