Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň ilçisi Aşgabatda eden çykyşynda ýurdunyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada aýtdy

10:2317.04.2024
0
7084

Ilçi Ahmet Demirok Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylyk hepdeliginiň tanyşdyrylyş dabarasynda eden çykyşynda ýurdunyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada aýtdy. Onuň sözlerini sb.by paýlaşdy.

Ahmet Demirok: «Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň habaryna görä, ýurt 2022-nji ýylda 50 milliondan gowrak syýahatçyny kabul edip, dünýäde dördünji orunda durýar. 2023-nji ýylda Türkiýe 56,7 million jahankeşdäni garşy aldy we 54,3 milliard dollar girdeji gazandy» diýip, belledi.

Türk diplomatynyň pikiriçe, 2024-nji ýylda täze rekordlar goýmak meýilleşdirilýär: 60 million syýahatçy we 60 milliard dollar girdeji.

Ahmet Demirok häzirki wagtda Türkiýäniň her sebitinde ýylyň dört möwsüminde hem syýahatçylar üçin dürli çäreleri guramak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Ilçiniň sözlerine görä, ösen infrastruktura köp sanly myhmany kabul etmäge mümkinçilik döredýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň