Soňky habarlar

Arhiw

«CZN Burak Gurme» restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy «Arkaç» SDAM-da açylar

14:1429.04.2024
0
22839

Türkiýeli meşhur aşpez Burak Özdemir «CZN Burak Gurme» restoranynyň Türkmenistandaky şahamçasy Aşgabatdaky «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde açylar. Şol mynasybetli degişli mahabatly bildirişler «Arkaç» söwda we dynç alyş merkeziniň üçünji gatynda ýerleşdirildi.

Mundan ozal, «Turkmenportal» geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkiýäniň Palatalar we Biržalar Bileleşiginiň Merkezi edarasynda geçirilen Işewürlik forumynda Türkmenistanda «CZN Burak Gurme» restoranyny açmak baradaky ylalaşygyň gazanylandygyny habar beripdi.

Ýeri gelende bellesek, meşhur aşpez Burak Özdemir sosial mediýada uly şowhun döretdi. Ol ajaýyp tagamlary we özüne çekiji ýylgyryşy bilen meşhur boldy. Ol esasy ünsi menýunyň dürlüligine jemläp, bäsdeşlerinden tapawutlanmagyň ýoluny tapdy. Onuň uly tabaklarda äberilýän tagamlary has ýatda galyjy. Ol iki metrlik kebap we tutuş maşgala üçin niýetlenen gamburgerleri bilen myhmanlary geň galdyrdy. Häzirki wagtda onuň Katarda restoranlarynyň şahamçalary BAE-de, Täjigistanda we işleýär.

Onuň restoranyna gelenleriň arasynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, aýdymçy Iggi Azalia, futbolçy Kriştianu Ronaldu we garyşyk söweş sungaty söweşijisi Habib Nurmagomedow ýaly dünýäniň meşhur adamlary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň