Arhiw

Görogly etrabyndaky galla önümleri kärhanasynda 109,3 göterim ösüş gazanyldy

10:0013.04.2024
0
8081
Görogly etrabyndaky galla önümleri kärhanasynda 109,3 göterim ösüş gazanyldy
Surat: tdh.gov.tm

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky galla önümleri kärhanasy 2024-nji ýylyň birinji çärýegini ýokary netijeler bilen jemledi. Kärhana boýunça geçen 3 aýda dürli görnüşli unuň 9 müň 402 tonnasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,3 göterim ösüş gazanyldy.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bu ýerde üç aýyň dowamynda öndürilen çörek we çörek önümleriniň möçberi 156 tonna barabar bolup, önümçiligiň bu ugry boýunça 106,12 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Kärhanada degişli döwrüň içinde jemi 18 million 958 müň manatlyk önüm öndürildi.

Gije-gündiziň dowamynda 200 tonna bugdaýy gaýtadan işlemek, ondan 150 tonna ak un öndürmek, şeýle-de ýanaşyk gurlan elewatorda 50 müň tonna dänäni saklamak kuwwatyna eýe bolan kärhanada işçi-hünärmenleriň 400-den gowragy zähmet çekýär.

Kärhanada ilat arasynda uly isleglerden peýdalanýan unuň ýokary hem 1-nji görnüşiniň öndürilişini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň