Arhiw

“Türkmennebit” döwlet konserni garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrýar

06:5813.04.2024
0
9223

“Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudaga halkara tejribeleri ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow hasabat berdi diýip, TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, hasabatda önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna döwlet konserniniň nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hem aýdyldy. Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge, bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany halkara tejribeleri giňden ornaşdyrmak arkaly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti gaýtadan işlemek boýunça işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň