Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Türkmenistandan oňaýly howa gatnawlaryny hödürleýär

13:0108.04.2024
0
33449

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna döwrebap uçarlarda oňaýly amala aşyrylýan howa gatnawlaryny hödürleýär.

Ýolagçylar bu uçarlarda ýetirilýän ýokary amatlykly hyzmatlardan, datly naharlardan hem-de dürli hili güýmenjelerden lezzet alyp bilerler.

Bulardan başga-da, «Turkish Airlines» müşderilerine «Miles and Smiles» atly loýallyk programmasyny hödürleýär. Programmanyň agzalary uçuşlarda birnäçe mil gazanyp, soňra bolsa ony hyzmat derejesini ýokarlandyrmak, goşmaça hyzmatlary almak ýa-da dürli bonuslar üçin peýdalanyp bilerler. «Miles and Smiles» programmasynyň agzasy bolmak üçin turkishairlines.com web sahypasynda hasaba alynmalydyr.

Howa gatnawynyň tertibini bilmek we awiapetekleri almak üçin «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisine ýüz tutup bilersiňiz: G.Kuliýew köçesi, 39-njy desga, «Ussat» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • elektron poçta salgysy: customer.tm@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň