Türkmenistanly türgen Maksat Meredow agyr atletika boýunça Dünýä kubogynda kümüş medala mynasyp boldy. Ol Taýlandyň Phuket şäherinde geçirilýän ýaryşda üç sany kümüş medalyň eýesi boldy. Bu turnir Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna jemleýji saýlama tapgyr bolup durýar.
23 ýaşly türkmen türgeni bu üstünlige 81 kilograma çenli agram derejede mynasyp boldy. Bu agram derejede 8 ýurtdan 8 sany türgen özara bäsleşdiler.
Maksat Meredow ştangany silterläp götermekde 146 kilogram, itekläp götermekde 182 kilogram netije bilen kiçi kümüş medallara eýe çykdy. Iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 328 kilogram görkeziji bilen üçünji ýerdäki garşydaşyny 13 kilogram yzda galdyryp hormat münberiniň ikinji basgançagyndan orun aldy. Bu agram derejede kanadaly Samuel Guertin eýeledi. Birinji orun bolsa umumylykda 366 kilogram netije görkezen koreýaly Ri Çong Songa nesip etdi.
Ýeri gelende bellesek, Maksat Meredow Taýlanddaky turnirde 81 kiograma çenli agram derejede öz karýerasyndaky iň gowy netijäni görkezdi hem-de silterläp (ozalky rekorddan 4 kilogram ýokary) we itekläp götermek (ozalky rekorddan 5 kilogram ýokary) boýunça milli rekordlary täzeledi.