Täjigistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyrylyşy boldy

06:5106.04.2024
0
11065

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde, Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleri gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda täjik tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň baý many-mazmunyna we çeperçiligine ýokary baha berip, bu eserleriň dünýäniň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýändigini bellediler.

Çärede aýdylyşy ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy häzirki döwürde iki doganlyk halkyň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Dostlukly gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmeginde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary munuň aýdyň güwäsidir.

Dabara gatnaşyjylar iki dostlukly döwletiň Baştutanlaryna netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döredijilik işgärleriniň arasynda tejribe alyşmak babatda döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň