Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Duşenbede «Dostluk agşamy» atly bilelikdäki konserte tomaşa etdiler

07:1005.04.2024
1
11850

Täjigistanda resmi saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde, günüň ikinji ýarymynda bu ýurduň paýtagtynyň merkezi böleginde ýerleşýän iri kinokonsert toplumyna --- "Borbad" köşgüne bardy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon "Dostluk agşamy" atly bilelikdäki konserte tomaşa etdiler.

Täjigistanyň meşhur sungat ussatlary, şeýle-de bu ýurtda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çärelerine gatnaşýan türkmen medeniýet we sungat işgärleri belent mertebeli myhmanlara hem-de Hökümet wekiliýetleriniň agzalaryna giň gerimli konsert maksatnamasyny hödürlediler. Onda öňden gelýän milli we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri hem-de döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar aýdyňlyk bilen görkezildi.

Konsert tamamlanandan soňra, täjik Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini "Nowruz" köşgüne çagyrdy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Täjigistanyň Baştutany resmi agşamlyk naharyny berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň