Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

06:1504.04.2024
0
11208

Duşenbede Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, açylyş dabarasy Täjigistanyň Sadriddin Aýni adyndaky opera we balet akademiki döwlet teatrynda geçirildi. Dabara iki dostlukly ýurduň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet, sungat, ylym-bilim ulgamlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri täjik topragynda duşuşdylar. Ýygnananlar döredijilik forumyny guramaga döredilen mümkinçilik üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de şu gezekki çäräniň türkmen we täjik halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşdyrylmagyna, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň